Diýdi: Habar ýok sizden

Diýdim: Pelek, sowal bar. Diýdi: Adalat bizden.
Diýdim: Dünýä giň olar. Diýdi: Habar ýok bizden.
Diýdim: Ol ne don erer?. Diýdi: Köpendir biýzden
Diýdim: Tende ýaram bar. Diýdi: Gizläp gez gözden
Diýdim: Yşka diwana.
Diýdi: Ýüz tut permana.
Diýdim ki: Ne permandyr?. Diýdi: Geldi Tebrizden.

Diýdim: Ne çarh aýlanýar? Diýdi: Dünýä ýelidir.
Diýdim: Adam ne gülmez? Diýdi: Janly ölüdir.
Diýdim: Ol ne egrelmez? Diýdi: Yslam ýoludyr
Diýdim: Aldym permany.
Diýdi: Ýüz tut Kurana.
Diýdim: Ol ne gapysyz? Diýdi: Şeýtan pälidir

Diýdim: Ol ne şäherdir? Diýdi ki: Ýalan jahan
Diýdim: Kimler şa erur? Diýdi: Gury jeset, jan
Diýdim: Ol kim aglaýyr? Diýdi: Ulug Süleýman
Diýdim: Hak ne isteýir? Diýdi: Bagda gül-reýhan
Diýdim: Bagban aglaýyr
Diýdi: Bagryn daglaýyr
Diýdim ki: Alaç eýle! Diýdi: Lukman ezizden.

Diýdim: Bir gözel gördüm Diýdi: Mahy-tabyndyr
Diýdim: Kimse jan bermez? Diýdi: Bir hak amandyr
Diýdim: Kim sürer jahan Diýdi: Şa hökmi-rowan
Diýdim: Perzent öledir Diýdi: Haka rowadyr
Diýdim: Bizge ýetirgil
Diýdi: Hak diýp otyrgyl!
Diýdim: Kimde ýok uýat? Diýdi: Juwanda-gyzda

Diýdim: Pyragy ismim Diýdi: Pyrkat çeke sen
Diýdim: Gol-aýak ysmaz Diýdi: Daglar çyka sen
Diýdim: Namart ozadyr Diýdi: Mar, sen çyka sen
Diýdim: Gitdi agmalym Diýdi: Garryp çöke sen
Diýdim: Haka arzym bar
Diýdi: Oldur saňa ýar
Diýdim: Gyşym geçedir Diýdi: Habar al güýzden.

Magtymguly Pyragy