“Mal ýagşy”

Adam bolup, adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.

Hudaýym saklasyn şerden, gahardan,
Minnetli aş ajy bolar zäherden,
Eý ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
Ondan ki bir güwläp ýatan çöl ýagşy

Her kimiň özune Müsürdir jaýy,
Ýadyndan çykmaýyr, baýramy-toýy.
Jan-saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy
Agşam ýatyp, ertir şükür kyl ýagşy.

Bir biwepa ýara gülüp bakandan
Şirin jany yşk oduna ýakandan,
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sögse, horlasa-da il ýagşy.

Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,
Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden
Aňyrsy gelmeýen gury, bar gepden –
Ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy.

Magtymguly Pyragy