“Bular gelmedi”

Geçi-gony birle gitdi Abdylla,
Hemme giden geldi, bular gelmedi,
Mämmetsapa gitdi kömek bermäge,
Uzadanlar geldi, bular gelmedi.

Enesinden aýra ýatmaz oglanlar,
Ýa, reb, gören barmy bulardan, iller,
Aýlanybam aýlar, dolanyp ýyllar,
Aýlar, ýyllar geldi, bular gelmedi.

Hassadan sagaldy zäher dadanlar,
Inji alyp geldi goýun güýdenler,
Alty aýlyk ýola – Käbä gidenler,
Hajy bolup geldi, bular gelmedi.

Yrakdan, ýakyndan baryp gelenler,
Barmydyr bulardan görüp, bilenler,
Hindistana bezirgenlik kylanlar,
Malyn satyp geldi, bular gelmedi.

Darydy bir doly, ýolykdy baran,
Birin ýurdy bilen eýledi weýran,
Birisiniň ýary yzynda haýran,
Gözleri ýoldadyr, bular gelmedi,

Ýykylanyň bagry ýerden galmazmyş,
Hiç baran gelmezmi, aglan gülmezmi,
Ötenden, geçenden sorsaň bilmezmi,
Bilinmezler geldi, bular gelmedi.

Magtymguly, derdi goýmaz ýatmaga,
Ugrun bilmen soraý-soraý gitmäge,
Ýerden jogap çykmaz habat tutmaga,
Gören-bilen barmy, bular gelmedi.

Magtymguly Pyragy