Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler;
Edepli, erkanly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy –
Garaňky gijede düşer ýalkymy,
Sözlegen sözleri misli bal kimi,
Ýaňagyndan posa alasyň geler.

Gözel bardyr, günde-günde görmeli,
Şol gözeliň syýa zülpün örmeli,
Döküp, hazynanyň zerin bermeli,
Anyň söwdasynda bolasyň geler.

Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,
Artmaz, ýuwmaz, tabagyny, daşyny,
Sylamaz atasyn, ene, ýaşyny,
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

Gözel bardyr, ak kagyz dek bilegi,
Jan içinde bile bolar ýüregi,
Şeýle gözel mert ýigidiň geregi,
Ne hajat istese, beresiň geler.

Magtymguly, syn gerekdir gözele,
Her ne kysmat bolsa, tartar ezele,
Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,
Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.

Magtymguly Pyragy