Bilbilem, ahy-zar çekip,
Täze gülzardan aýryldym.
Gözden ganly ýaşym döküp,
Ol söwer ýardan aýryldym.

Ýara ýaraşar sürmeçe
Sypatyn söýlärem ança,
Lebi şeker, agzy gunça,
Zülpi garadan aýryldym.

Şirin janda ýokdyr takat,
Jebri anyň jana rahat,
Gaşlary pitneýi-apat,
Çeşmi hunhordan aýryldym

Aýryldym gunça-gülümden,
Syýa saçy sünbülimden
Hoş owazly bilbilimden,
Şirin güftardan aýryldym

Däli köňlüm arzymany,
Külli gözelleriň hany,
Sekiz jennetiü bostany,
Bakjaly bagdan aýryldym

Illeri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli
Ili-gökleň, ady – Meňli
Näzli dildardan aýryldym

Magtymguly, aşyk mestan,
Bagladym şanyňa destan,
Menzilgähi bagu bostan
Almaly nardan aýryldym.

Magtymguly Pyragy